milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
19.05.2023 963 Habarlar

18-nji maýda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden hem-de dabaraly bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň ýanynda we Baş baýdagyň öňündäki meýdançada geçirilen dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

...Ir säher bilen Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Konstitusiýa binasynyň ýanynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar.

Gahryman Arkadagymyz özygtyýarly Watanymyzyň döwlet binýatlarynyň, demokratik esaslarynyň we häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýän köpasyrlyk halk häkimiýetliligi däpleriniň mizemezligini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna gül dessesini goýýar. Soňra dabara beýleki gatnaşyjylar hem bu bina gül desselerini goýdular.

Konstitusiýa binasynyň öňi al-elwan güller bilen bezeldi. Munuň özi halkymyzyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bolan buýsanjynyň, berkarar we asuda döwletimizde erkin ýaşaýan, zähmet çekýän ildeşlerimiziň bagtyýarlygynyň özboluşly nyşany boldy. Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşýän 133 metrlik baýdak sütüniniň ýanyndaky meýdançada dowam etdirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň Baş baýdagy belentde parlaýar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda baýdak sütüniniň öňünde ajaýyp gül dessesini goýýar. Soňra asylly däbe eýerip, beýleki dabara gatnaşyjylar hem bagtyýar durmuşyň nyşany bolan Baş baýdaga gül desselerini goýýarlar.