milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy we iş maslahatyny geçirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy we iş maslahatyny geçirdi
03.12.2023 582 Habarlar

Düýn – 2-nji dekabrda Türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasyna geldi.

Şu ýylyň ahyrynda Ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler. Gahryman Arkadagymyz bu serginiň milli we döwrebap äheňde bolmalydygyny, hususan-da, bezeg hem-de dizaýn işlerine, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şunda sanly tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, sanly ykdysadyýeti netijeli dolandyrmagy başarýan ýaş hünärmenleriň işläp taýýarlamalary şöhlelendirilmelidir diýip, Milli Liderimiz bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň barşynda degişli ýolbaşçylar şu ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda bolup geçen taryhy wakalar, olaryň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri, ýaşlary sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabatlary berdiler.

Bellenilişi ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly Diýarymyzda ýaşlar syýasatynyň has-da dabaralanýan ýyly boldy. Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň ders olimpiadalarynda, talyplaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemi jemlener.