milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri Mary welaýatynda iş maslahatyny geçirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Mary welaýatynda iş maslahatyny geçirdi
12.01.2024 501 Habarlar

Düýn – 11-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde iş maslahatyny geçirdi.

Welaýatyň häkiminiň we onuň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de onuň oba hojalyk pudagyna häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatynyň dowamynda welaýatyň häkiminiň orunbasaryna ýüzlenip, häzirki döwürde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy üçin ähmiýetli bolan çäreleriň yzygiderli guralmagy babatda degerli maslahatlaryny aýtdy.

Mary welaýatynyň ýolbaşçylary öz aralaryna gelip, gymmatly maslahatlaryny we öwüt-ündewlerini berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar döwlet tarapyndan berilýän goldawlardan netijeli peýdalanyp, welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.