milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş sapary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş sapary
27.02.2023 268 Habarlar

25-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, binalaryň özboluşly aýratynlyklary, gurluşykda ulanylmagy göz öňünde tutulýan tehnologiýalar barada giňişleýin maglumat berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň binalarynyň açylyş dabarasyna uly jogapkärçilik bilen çemeleşilmelidigini nygtady hem-de dabaralarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlarynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.