milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
20.02.2023 367 Habarlar

18-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda sebitiň täze merkeziniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda guruljak binalaryň şekil taslamalarynyň tanyşdyrylyşyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi gatnaşdylar.

Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-sy, saglyk öýi, ýangyna garşy göreş gullugynyň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binalary, muzeý, «Saglyk» seýilgähi, söwda we hyzmat ediş toplumy, her biri 30 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 40 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 42 öýli, 7 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 24-si, her biri 54 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 14-si, Arkadag şäheriniň demir ýol menzili, şäheriň awtotoplumy we bellige alyş bölümi, Ahal welaýatynyň awtomenzili bina ediler.