milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
02.11.2023 518 Habarlar

Düýn – 1-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we gurluşygy alnyp barylýan metjidiň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.

Bu ýerde Arkadag şäheriniň Gorjaw etrap häkimliginiň edara binasynyň, Muzeý binasynyň, Saglyk öýüniň, Awtotoplumyň we bellige alyş nokadynyň, Demir ýol menziliniň, Ýangyna garşy göreş gullugynyň, Söwda we hyzmat ediş toplumynyň, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem «Arkadag» futbol toparynyň ýörite nyşanlarynyň teklip edilýän görnüşleri görkezildi.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň gurluşygynda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň yzygiderli we üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň esasynda iň döwrebap “akylly” şäheriň kemala gelendigini aýtdy.