milli goshun logo
Türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna ynsanperwerlik kömegi iberildi
Türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna ynsanperwerlik kömegi iberildi
04.02.2024 495 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna 2024-nji ýylyň fewral aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzdan 2000 tonna  möçberdäki suwuklandyrylan gazy ynsanperwerlik kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna ugradyldy.  

Halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden we dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerine we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan ata Watanymyzdan hyzmatdaş ýurda ugradylan ynsanperwerlik ýüki hökmündäki suwuklandyrylan gaz gyrgyz halkynyň ýaşaýyş-durmuşyna goldaw bermek ugrunda edilýän tagallalara türkmen halkynyň özboluşly goşandydyr.