milli goshun logo
Türkmen - german iş maslahaty öz işine başlady
Türkmen - german iş maslahaty öz işine başlady
14.02.2019 738 Habarlar

13-nji fewralda GFR-niň paýtagty Berlinde türkmen-german işewürler maslahaty açyldy, oňa gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti iberildi.

«Deutsche Bank AG»-niň binasynyň mejlisler zalynda geçirilýän türkmen-german işewürler maslahatyna GFR-niň DIM-niň, ykdysadyýet we energetika, oba hojalygy we azyk federal ministrlikleriniň, Halkara hyzmatdaşlygy nemes jemgyýetiniň, Telekeçilige goldaw bermegiň gündogar-ýewropa birleşiginiň, Merkezi Aziýadaky nemes ykdysadyýetiniň wekilhanasynyň, GFR-niň Söwda-senagat edarasynyň, Germaniýanyň alymlar toparlarynyň hem-de dürli pudaklarda işleýän köpsanly kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Olaryň hatarynda bank işine, çaphana, biotehnologiýa, elektron enjamlarynyň önümçiligi, ýol gurluşyk we oba hojalyk tehnikasy, nebitgaz senagaty, maşyngurluşyk we uçargurluşyk, logistika we beýleki ugurlara ýöriteleşdirilen kompaniýalar hem bar. Maslahata jemi 70-e golaý iri kompaniýa gatnaşýar.

Milli Liderimiziň görkezmesine laýyklykda maslahata Türkmenistandan Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak, Energetika, Maliýe we ykdysadyýet, Dokma senagaty, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Ahal welaýatynyň häkimliginiň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Maslahatyň gün tertibine geljekki söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy meýilleşdirmek üçin täze teklipler girizildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň ugurlaryny anyklaşdyrdylar hem-de iki tarapyň hem mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda ozaly bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasyýalaşdyrylmagy, ýokary tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy, düzümleriň senagatlaşdyrylmagy, ýurdumyzda alnyp barylýan sanlaşdyrmak işleri göz öňünde tutuldy.