milli goshun logo
Türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň täze giňişligi
Türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň täze giňişligi
16.02.2024 458 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Arkadag şäherine emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, bilim, şäherleşme, saglygy goraýyş boýunça täzeçil çemeleşmeleri ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmak maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti 11 – 14-nji fewral aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda boldy.

Türkmenistanyň we BAE-niň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirmekleri söwda-ykdysady, medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmegiň uzak möhletleýin wezipelerini üstünlikli amala aşyrmagyň baş şerti bolup durýar. Iki ýurduň ministrlikleriniň, maliýe düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän gepleşikler, bilelikde iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda özara tagallalaryň işjeňleşdirilýändigini tassyklaýar. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri hem munuň nobatdaky güwäsi boldy.

Bu saparyň çäklerinde geçirilen birnäçe duşuşyklarda, gepleşiklerde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarda okgunly ösdürilýändigi bellenildi.