milli goshun logo
Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mejlisi
Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mejlisi
26.04.2019 579 Habarlar

25-nji aprelde paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň ýedinji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Lordlar Palatasynyň agzasy, ýurduň Premýer-ministriniň söwda wekili baronessa Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky dostlukly döwletiň uly wekiliýeti Türkmenistana geldi.

Britan wekiliýetiniň düzümine dürli ulgamlarda ýöriteleşen meşhur kompaniýalaryň hem-de hünär ugurly edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri girdi. Şolaryň hatarynda «UK Export Finance»,«British Petroleum», «Bloomberg LP», «De La Rue», «Petrofac», «Rolls-Royce», «Promethean World», «United Insurance Brokers», «JCB», «Ed Broking», «Shell», «Buried Hill», «Edgen Murray Europe Ltd», «Ethos Energy», «Weir Oil and Gas», «Hermes Datacomms», «Bristow Helicopters», «Summit Conferences and Exhibitions Ltd», «Expo», «Intensive School of English» we beýlekiler bar. Türkmen tarapyndan mejlise hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, maliýe-ykdysady toplumyň, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Geňeşiň mejlisi umumy mejlis görnüşinde öz işine başlady. Şonuň barşynda ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady we maliýe, ulag hem-de kommunikasiýa ulgamlary, oba hojalygy, bilim ýaly ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli häsiýeti nygtaldy. Şonuň bilen birlikde, daşary söwda aragatnaşyklaryny, şol sanda täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň hasabyna ep-esli artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň hem-de özara kuwwatyň bardygy bellenildi.