23-nji aprelde Lebap welaýatynyň
dolandyryş merkezinde ýetip gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan
dabaraly çäreler geçirildi, olara Hökümetiň agzalary, Mejlisiň Başlygy,
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, köp sanly
myhmanlar gatnaşdylar.
Dabaralar ir
ertir bilen Lebap welaýat kitaphanasynyň döwrebap binasynda başlanyp, onuň giň
eýwanynda kitap sergisi guraldy. Bu ýerde dünýäniň ençeme dillerine terjime
edilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti
pähim-paýhasyndan dörän eserler bilen tanyşdylar.
Kitaphananyň
maslahatlar zalynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da
bar, sapa-da» atly kitabynyň nemes, türk we arap dillerine terjime edilen
neşirleriniň tanyşdyryş dabarasy boldy. Kitaphananyň eýwanynda 2020-nji ýylyň
ýaz möwsüminde Ahal we Lebap welaýatlarynyň goraghana zolaklarynda geçirilen
gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan tapyndylaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy.