milli goshun logo
Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede guramak işleri alnyp barylýar
Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede guramak işleri alnyp barylýar
24.01.2019 811 Habarlar

Düýn geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory M.Annanepesow, aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmegiň barşy barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň tohumyny, genofonduny has-da gowulandyrmak maksady bilen geçirilýän seçgi-tohumçylyk işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň ýolbaşçysyna Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede guramak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Ýurdumyzda geçirilýän ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşikleri, halkara forumlary halkymyzyň iň gowy atçylyk däplerini ösdürmäge, ýurdumyzyň atçylyk we atçylyk sport mekdebiniň halkara atçylyk pudagyna işjeň goşulyşmagyna ýardam edýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz tohumçylyk işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, arassa ganly bedewleriň baş sanyny artdyrmagyň möhümdigini belledi. Bu ugurda amala aşyrylýan işler ylmyň häzirki gazananlaryny nazara almak bilen yzygiderli geçirilmelidir. Munuň özi geljekde hem ýyndamlygy we gözelligi bilen dünýä belli behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.