milli goshun logo
«Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy maslahat
«Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy maslahat
26.04.2024 216 Habarlar

Düýn – 25-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVI halkara ylmy maslahat geçirildi. Däbe öwrülen forum ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan esasy çäreleriň üstüni ýetirdi.

Çykyşlarda ahalteke atlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak işinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm ornuň degişlidigi aýratyn bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen milli atçylyk sungatymyz ýurdumyzyň durmuşynda mynasyp derejä eýe boldy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän bu maslahatyň ýurdumyzyň atçylyk pudagynda ýeten sepgitleri we gazanan üstünlikleri bilen giňden tanyşdyrmakda, daşary ýurtly kärdeşler, ýagny atçylyk assosiasiýalary we pudaklaýyn guramalar, şol sanda hususy atçylyk zawodlary bilen tejribe alyşmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly ähmiýeti bardyr.

Halkara maslahata gatnaşyjylar çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.