milli goshun logo
Türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi
Türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi
29.11.2023 505 Habarlar

Düýn 28-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar — iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Toparyň agzalary ikitaraplaýyn duşuşyklary yzygiderli esasda geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň häzirki mejlisiniň çäginde gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbitlerine netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama we beýleki resminamalara gol çekildi.