milli goshun logo
Türkmen alabaýy — halkymyzyň buýsanjy
Türkmen alabaýy — halkymyzyň buýsanjy
19.09.2019 1557 Habarlar

18-nji sentýabrda Ak bugdaý etrabynda «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzda ilkinji gezek gurlan şeýle binanyň açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, Ahal welaýatynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, medeniýet edaralarynyň işgärleri, talyp we okuwçy ýaşlar, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar täze bina aýlanyp görüp, onda döredilen şertler bilen tanyşdylar. Bu desga türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk-seçgiçilik işini alyp barmaga we alabaýlary saklap, köpeltmäge niýetlenen binalaryň toplumyndan ybaratdyr.

Türkmen alabaýlary üçin açylan binalar toplumy bir gektar meýdany tutýar. Onuň düzüminde hemme zerurlyklar döredilipdir, çünki uly itler özleri üçin aýratyn giňişlige mätäçdir. Toplumda uly itleri saklamaga niýetlenen 40 sany ýer, ýaş itler üçin niýetlenen 30 ýer göz öňünde tutulypdyr.

Şeýle hem toplumyň çäginde dolandyryş binasy, işgärleriň dynç almagy üçin niýetlenen bassyrma, işgärler üçin bina, barlag geçiriş nokady bar. Barlaghana zerur bolan döwrebap enjamlar bilen üpjün edilipdir. Hojalyk binasy itleri naharlamak üçin otagdan, sowadyjy, hojalyk we ammar otaglaryndan ybarat. Toplumda itleri suwa düşürmäge niýetlenen ýörite bina hem gurlupdyr. Şeýle hem weterinar gulluk binasynyň 5-si, itleri gezdirmek we türgenleşdirmek üçin bassyrmaly manež, tomaşaçylar üçin münberli tomaşa meýdançasy göz öňünde tutulypdyr.