milli goshun logo
Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy
Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy
11.07.2019 401 Habarlar

10-njy iýulda Türkiýe Respublikasynyň Siwas şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Döredijilik çäresiniň çäklerinde ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi öz işine başlady. Şäheriň kongres binasynda bolsa türkmen kinofilmleri görkezildi.

Gadymy Siwas şäheri doganlyk ýurduň wekillerini myhmansöýerlik bilen garşylady. Ýerli kitaphananyň binasynda geçirilen medeni forumyň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň — Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Baştutany Rejep Taýyp Ärdoganyň tagallalary bilen ähli ugurlarda bolşy ýaly, medeniýet, bilim, ylym, milli mirasy goramak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ýaşlar syýasaty ýaly ugurlar boýunça hem hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

Bu döredijilik forumy iki ýurduň köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryny berkitmekde medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň ähmiýetiniň uludygyny nobatdaky gezek tassyklap, olaryň köpugurly gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär.