milli goshun logo
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi
13.03.2024 415 Habarlar

Düýn – 12-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz TDG-ä agza döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny mähirli garşylady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu mejlisiň hem türki döwletleriň arasynda alnyp barylýan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, onuň hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça baýlaşdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de bu babatda pikir-garaýyşlary beýan etmek nukdaýnazardan peýdaly boljakdygyny belledi.

Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň dowamynda TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym, TDG-niň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew, TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Gazagystan Respublikasyndan agzasy Ikram Adyrbekow, Gyrgyz Respublikasyndan agzasy Medetkan Şerimkulow, Özbegistan Respublikasyndan agzasy Sodikžon Turdiýew, Wengriýadan agzasy Attila Tilki çykyş edip, häzirki döwürde birek-birege hormat goýmak esasynda dostlukly hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň barha artýandygyny nygtadylar.

Mejlisiň jemleri boýunça Beýanat kabul edildi.