4-nji martda
geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Döwlet Baştutanymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer P.Agamyradowa 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň
paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak
ýygyndy toparlary taýýarlamak işine uly jogapkärçilik bilen çemeleşmelidigini
tabşyrdy.
Milli Liderimiz
«2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa
oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagy hakynda» Karara gol
çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginde
uzakmöhletleýin we «Awaza» sport toplumynda möwsümleýin sportuň görnüşleri boýunça
Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik ýygnanşyklaryny geçirmek
üçin ýöriteleşdirilen sport bazalary dörediler.
Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda türgenler ýaşaýyş jaýlary we ýörite iýmitler bilen üpjün ediler, olaryň hiline we howpsuzlygyna hünärmenler gözegçilik eder. Galyberse-de, bu ýerde türgenlere degişli lukmançylyk hyzmatlaryny etmek ýola goýlar.