milli goshun logo
«TRT Haber» teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ahmet Görmez Gahryman Arkadagymyz bilen söhbetdeş boldy
«TRT Haber» teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ahmet Görmez Gahryman Arkadagymyz bilen söhbetdeş boldy
12.03.2024 474 Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk teleýaýlymyna interwýu berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistan bilen Türkiýe daşary syýasatda işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýärler, halkara düzümlerde birek-biregi goldaýarlar. Biziň ýurtlarymyz ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk syýasatynyň ynamly tarapdarlarydyr. Şeýle syýasaty ýöredip, olar sebit işlerini netijeli ösdürmäge uly goşant goşýarlar. Häzirki döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygy Gündogar – Günbatar ugry boýunça durnukly energetika we ulag geçelgelerini döretmegiň, Ýewraziýada täze, netijeli logistika hyzmatdaşlygyny emele getirmegiň möhüm şerti bolup durýar» diýip belledi.