milli goshun logo
Teleradioýaýlymlaryň işi innowasion taýdan ösdürilýär
Teleradioýaýlymlaryň işi innowasion taýdan ösdürilýär
19.05.2019 574 Habarlar

17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini kämilleşdirmek bilen bagly taýýarlanylan meýilnama barada hasabat berdi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň tehniki enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň döwrüň talabydygyny belläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen sepgitleri daşary ýurtlarda giňden beýan etmek, milli mirasymyzy wagyz etmek boýunça işleri güýçlendirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.