milli goshun logo
Telefon arkaly söhbetdeşlik
Telefon arkaly söhbetdeşlik
25.07.2024 174 Habarlar

Düýn – 24-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistan Respublikasynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, ýurduň doganlyk halkynyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işleriniň Watana ak ýürekden hyzmat etmegiň aýdyň nusgasydygyny belledi. Şeýle-de Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ählumumy abadançylygyň hatyrasyna özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk ruhunda yzygiderli çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.