milli goshun logo
Täze ýaşaýyş jaýlar toplumy açyldy
Täze ýaşaýyş jaýlar toplumy açyldy
06.06.2024 245 Habarlar

Düýn – 5-nji iýunda Balkan – Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň işe girizilmegi mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlar toplumy hem açylyp ulanmaga berildi. Mundan başga-da, döwrebap ýolagçy awtobuslary sowgat berildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary we durmuş maksatly desgalar yzygiderli açylýar. Ine, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynda raýatlarymyzyň oňaýly ýaşamaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň subutnamasydyr.