milli goshun logo
Täze taryhymyzyň özboluşly dabarasy
Täze taryhymyzyň özboluşly dabarasy
18.05.2024 202 Habarlar

Düýn – 17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta böleginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu şanly waka 2024-nji ýylda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamy bolup durýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: «Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen gözel paýtagtymyzyň täsin tebigatly künjeginde gurlan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy taryhy wakadyr» diýip belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özboluşly many-mazmuna eýe bolan bu ajaýyp wakanyň şan-şöhraty äleme ýaýrady. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsiniň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem genji-hazynasydygynyň aýdyň güwäsidir.

Beýik akyldaryň berkarar döwlet baradaky arzuwlary bu günki gün hasyl boldy. Özygtyýarlylyga eýe bolan türkmen halky häzirki döwürde abadan ýurdumyzda ýaşaýar we döredýär. Türkmenistan gün-günden kuwwatlanyp, dünýäniň iň abraýly döwletleriniň birine öwrüldi.