milli goshun logo
Täze suw arassalaýjy desga
Täze suw arassalaýjy desga
09.05.2024 365 Habarlar

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda açylan desgalaryň ýene biri Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desgadyr.

Bu desga doly awtomatlaşdyrylandyr. Merkezde arassalanan agyz suwuny desgadan bellenen möçberde ibermek we zerurlyga görä, iberilişi kadalaşdyrmak ýaly çözgütler kabul edilýär. Toplumyň düzümine girýän barlaghanada suwy arassalamak üçin ulanylýan himiki reagentleriň bellenen kadalara laýyklykda taýýarlanylyşyna gözegçilik edilýär. Bellenilişy ýaly, bu täze desganyň işe girizilmegi ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde uly ähmiýeti eýe bolar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda suw hojalygy pudagynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berilýär. Bu pudagyň zähmetkeşleriniň ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap kärhanalarda işlemekleri üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Täze açylan suw arassalaýjy desga munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.