milli goshun logo
Täze kitap çapdan çykdy
Täze kitap çapdan çykdy
01.07.2024 196 Habarlar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde neşire taýýarlamagynda filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Täçmämmedowanyň «Alym Arkadagymyzyň kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň edebi mekdebi» atly täze kitaby çapdan çykdy.

Neşirde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň many goýazylygynyň Magtymguly Pyragynyň edebi mekdebinden gözbaş alyp, täze bir milli ýörelgäniň başlangyjy bolýandygy, alym Arkadagymyz bilen beýik söz ussadynyň döredijiliginiň arasyndaky özboluşly edebi köpriniň ähmiýeti barada ygtybarly maglumatlaryň esasynda gürrüň berilýär. Magtymgulynyň ynsanperwer garaýyşlary bilen Milli Liderimiziň kitaplarynyň düýp özenindäki garaýyşlar derňelýär. Owadan suratlar bilen bezelen, many-mazmuna baý kitapda türkmen halkynyň Milli Lideriniň şygyrlarynda görnüş we mazmun birligini döretmekde beýik söz ussadynyň edebi mekdebiniň hyzmaty aýdyňlaşdyrylýar.

Filologiýa ylymlarynyň kandidaty T.Täçmämmedowanyň «Alym Arkadagymyzyň kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň edebi mekdebi» atly kitabynyň düýp mazmunynda magtymgulyşynaslygyň täzeçil, döwrebap meseleleri ylmy esasda öz beýanyny tapýar.