milli goshun logo
Täze jaýdan paýly Watan goragçylary
Täze jaýdan paýly Watan goragçylary
26.01.2024 738 Habarlar

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Diýarymyzyň çar künjeginde dürli maksatly binalar açylyp ulanmaga berilýär. Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Mülkbagşy ýaşaýyş jaý toplumynda welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärlerine niýetlenen kottej görnüşli täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy hem hünär baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň buýurmasy esasynda bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň gurluşykçylaryna ynanyldy. Täze 2 gatly, dört otagly döwrebap kottejleriň giň hem ýagty otaglarynda ýaşamak, dynç almak üçin ähli şertler döredilipdir. Öýlerde döwrebap hojalyk harytlarynyň dürli görnüşleri, aşhana mebelleri bolup, olaryň öz ýurdumyzda öndürilen önümler bolmagy has-da guwandyryjydyr.

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabarany welaýatyň meşhur aýdymçylary, bagşy-sazandalary, folklor-tans we döredijilik toparlary şowhunly çykyşlary bilen bezediler. Dabarada gutlag sözleri bilen çykyş edenler täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden ildeşlerimize süýji arzuwlaryny beýan etdiler. Soňra ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutly zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar, ýurt eýelerine bolsa täze öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.