milli goshun logo
Täze elektroenergetika desgalary işe girizildi
Täze elektroenergetika desgalary işe girizildi
06.06.2024 196 Habarlar

Düýn – 5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan – Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy.

Energiýa halkasy welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň energiýa ulgamlarynyň arasynda özara baglanyşyk arkaly ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün eder. Şonuň netijesinde, energetika pudagynyň işgärleri energiýa bloklaryny, elektrik beketlerini, elektrik geçiriji ulgamlary sarp edijilere päsgel bermezden bejerip hem-de döwrebaplaşdyryp bilerler. Energiýa kuwwatynyň ätiýaçlygynyň artmagy içerki sarp edijileri elektrik stansiýalarynda öndürilýän elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün etmäge, artykmaç bölegini daşary ýurtlara, ilkinji nobatda, goňşy döwletlere ibermäge mümkinçilik berer.