milli goshun logo
Täze döwrebap ýyladyşhana toplumy açyldy
Täze döwrebap ýyladyşhana toplumy açyldy
18.05.2019 1344 Habarlar

17-nji maýda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gozgan geňeşliginiň çäginde häzirki zaman ölçeglerine kybap gelýän derejede gurlan täze ýyladyşhananyň açylyşy boldy.

Umumy meýdany 5 gektara barabar bolan täze ýyladyşhana toplumy «Röwşen-Rahym» daýhan hojalygynyň buýurmasy bilen «Gozgan gala» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edildi. Onuň esasy önümleri ýokary hasyllylygy hem-de uzak möhlete durumly bolan dürli görnüşli pomidordyr. Bu ýerde her möwsümde ýokary hilli önümiň 1000 tonnasyny almak maksat edinilýär.

Toplum bütin dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi. Ýeri gelende aýtsak, bu tomsuň iň yssy günlerinde howanyň temperaturasyny 20-25 derejede saklap bilýän sowadyjy ulgam gurnalan ýurdumyzda ilkinji ýyladyşhanadyr.

Bu ýerde awtomatiki usulda sazlanylýan amatly howa ýagdaýy üpjün edilýär. Ýyladyşhananyň çäklerinde meýdany 720 inedördül metr bolan şitilhana bar. Geljekde bu hojalyk beýleki gök önümleri hem ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýär.

50 töweregi adamdan ybarat bolan ýyladyşhananyň işgärleri üçin netijeli zähmet çekmäge hemme zerur şertler döredildi. Şeýle hem bu ýerde naharhana we lukmançylyk bölümi bar.