milli goshun logo
Täze binanyň açylyş dabarasy
Täze binanyň açylyş dabarasy
08.07.2024 244 Habarlar

6-njy iýulda – günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine baryp gördi. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň diplomatiýa ugry boýunça bilim alýan talyplary bilen duşuşdy.

Soňra belent mertebeli myhman saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasyna baryp gördi we şol ýerde guramanyň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň işgärleri bilen duşuşdy, şeýle hem BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň edarasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy türkmen paýtagtynyň günorta böleginiň binagärlik keşbi bilen aýratyn sazlaşyk döredýän binany synlap, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy.