milli goshun logo
Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary boldy
Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary boldy
21.02.2019 1884 Habarlar

20-nji fewralda ýurdumyzyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary boldy. Bu şatlykly waka bilen täze öý eýelerini welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gutladylar. Döredijilik toparlarynyň ajaýyp aýdymdyr sazly çykyşlary baýramçylyga ýakymly öwüşgin çaýdy.

Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şolarda maşgalalaryň kyrkysy jaý toýlaryny tutdular. Jaýlaryň biri «Daşoguznebitgazgurluşyk» edarasynyň 4-nji gurluşyk müdirliginiň hünärmenleri, beýlekisi «Diýaryň kärhanasy» hususy kärhananyň işçileri tarapyndan bina edildi.

***

20-nji fewralda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde hem täze jaý toýlary tutuldy. 40 maşgala niýetlenen dört gatly täze jaýlar «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 18-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan paýly esasda bina edildi.

Ýanwar aýynyň ahyrynda Türkmenabatda döwrebap jaýlaryň ikisiniň ulanylmaga berilmegini nazara almak bilen, ýylyň başyndan bäri geçen gysga döwürde maşgalalaryň eýýäm 130-dan gowragy jaý toýlaryny tutdular. Mart aýynda bolsa 16 we 24 maşgala üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de ikisini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Geçen ýylyň tomsunda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi dabaraly ýagdaýda onuň düýbüni tutdy. Bu ýerde 32 öýli 4 gatly jaýlaryň 17-si hem-de kottej görnüşli iki gatly jaýlaryň 170-si we beýleki ugurdaş desgalar bina edilýär.