milli goshun logo
Taryhy wakanyň yzysüre
Taryhy wakanyň yzysüre
22.08.2021 1063 Harby özgertmeler

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 21 ýaşly agyr atletikaçy gyz Polina Gurýewa bilen taryhyndaky ilkinji Olimpiýa medalyny gazandy. Türgen gyza ýokary döwlet sylaglary gowşuryldy. Bu taryhy waka mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Watan goragçylarynyň we ussat türgeniň hut özüniň gatnaşmagynda dabaraly çäre geçirildi.

Bu ýerde guralan sergi myhmanlarda ýakymly täsirleri döretdi. Sergide ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanylan üstünliklerden söz açýan görkezmelere, aýratyn-da, Ýaragly Güýçlerimiziň türgenlerini özünde jemleýän «Merkezi goşun» sport klubunyň we beýleki harby türgenleriň dürli ýyllarda eýe bolan medallarydyr kuboklaryna aýratyn orun berlipdir.

Olimpiýa oýunlarynyň medalynyň taryhda ilkinji gezek ýurdumyza gelmegi mynasybetli guralan çärä gatnaşyjy harby gullukçylar ýürekleri ýagtyldan kümşüň ýalkymy – Polinanyň ajaýyp ýeňşi hakynda buýsançly söhbet etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda agyrlyklary boýun egdirip bilýän türgenlerimiziň sanynyň artýandygyny bellediler. Bu gezekki halkara üstünligi – türkmen agyr atletikasynyň zenanlar mekdebiniň iň uly hem taryhy üstünligi hökmünde häsiýetlendirdiler.

Türkmen türgeniniň halkara ýeňşi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri üçinem aýratyn buýsandyryjy waka boldy. Watan goragçylarynyň adyndan türgen gyza gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda aýdymçy harby gullukçylaryň dabarasy beýik sporty, ata Watanymyzy wasp edip ýerine ýetiren aýdym-sazlary ýüreklerden çykan ak alkyşlaryň ýaňyna öwrüldi. Çärä gatnaşyjylar Watanymyzyň sport abraýyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kämil syýasaty ýöredýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

«Milli goşun».