milli goshun logo
Taryhy duşuşyk
Taryhy duşuşyk
19.09.2017 1157 Sport

Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda hokkeý sportunyň dünýä belli ussady Wladislaw Aleksandrowiç Tretýak hem-de figurlaýyn typmak sportunyň tanymal halypasy Irina Rodnina Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “Watançy” hokkeý kluby bilen duşuşdylar. Häzirki wagtda uly meşhurlyga eýe bolýan bu syýasy işgärler ýaş harby türgenlere özleriniň sport durmuşynyň başlangyjy barada gürrüň berdiler hem-de ýaryşlara taýýarlyk boýunça ähmiýetli maslahatlar berdiler.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hokkeýçileri sabyrsyzlyk bilen ady belli myhmanlara garaşýarlar. Türgenler uly begenç hem-de guwanç duýgularyny başdan geçirýärler. Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda rus wekiliýetiniň agzalary peýda bolýar: Russiýanyň hokkeý boýunça Federasiýasynyň prezidenti, ätiýaçdaky polkownik Wladislaw Aleksandrowiç Tretýak, şol sanda «Единая Россия» partiýasynyň baş geňeşiniň agzasy, figurlaýyn typmak boýunça 3 gezek Olimpiýa çempiony, 10 gezek dünýä çempiony Irina Rodnina. Mejlisler zalynda baýramçylyk atmosferasy emele geldi. Sözüniň başynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşan hormatly myhmanlar bu çärä ýokary baha berdiler. Ýatlamaly zatlarymyzyň biri, 2014-nji ýylyň 7-nji fewralynda Soçidäki Olimpiadanyň açylyş dabarasynda Irina Rodnina Wladislaw Tretýak bilen bilelikde Olimpiýa alawyny ýakdylar.

Wladislaw Tretýak bilen Irina Rodninanyň Merkezi serkerdeler öýüne gelmegi ýöne ýerden däldir. Wladislaw Aleksandrowiç Tretýagyň kakasy harby-howa güýçleriniň ofiseri bolan bolsa, Irina Konstantinownanyň kakasy hem harby ofiserdi. Ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, myhmanlar gyzgyn garşylanandyklary üçin minnetdarlygyny bildirdiler. Soňra bolsa prezidiumyň başyna geçdiler.

Duşuşygyň barşynda ýaş hokkeýçiler myhmanlara özleriniň gyzyklanma bildirýän soraglaryny berdiler. Şolaryň arasynda ýurdumyzyň sport we bedenterbiýe ulgamyny ösdürmek bilen gönümel bagly bolan birnäçe soraglar hem boldy. Wladislaw Tretýak hem öz gezeginde ýaş hokkeýçilere özüniň professional sport durmuşynyň başlangyjy, ýagny 17 ýaşyndaky başdan geçiren wakasy barada gürrüň berdi. Onuň tälimçisi şeýle bir täsin ýaryş gurnady. Onuň düzgünlerine görä, aralyga typmak boýunça ýaryşda ondan soň gelen ilkinji 4 türgene esasy topara düşmäge mümkinçilik bardy. Şol gün ýaş Wladislaw Tretýak janyny gaýgyrman, iň soňky güýç bilen 4-nji gelmegi başardy. Onuň aýtmagyna görä, eger-de şol gün ol bäşinji gelen bolsa, bu beýik üstünlikleri gazanmazdy hem-de şu gün biziň aramyzda bolmazdy. Ençeme gezek çempion bolan Wladislaw Aleksandrowiçiň bu wakasy her bir türgenleşigiň, türgenleşigiň barşyndaky her bir minudyň ykbal çözüjidigininiň aýdyň subutnamasydyr. Biziň ýaş hokkeýçilerimiziň dünýä belli hokkeýçiniň bu mysalyndan we maslahatlarynda nusga aljakdygyna biz berk ynanýarys.

Indiki sorag Irina Konstantinowna Rodnina berildi. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Watançy» hokkeý topary dünýä meşhur türgene biziň ýurdumyzda sportuň figurlaýyn typmak görnüşinde we ýaşlaryň sportunyň umumy ösüşi barada gyzyklanyp ýüzlendiler. Irina Konstantinownanyň belleýşine görä, ol biziň ýurdumyzyň ýygy-ýygydan gelýän myhmany. Ençeme gezek okuw türgenleşiklerini geçirip, meşhur myhmanymyz düýpli öňegidişlikleriniň bardygyny nygtady. Tehniki taraplaryň we çykyşlaryň ýerine ýetirilişi aýdyň kämilleşdi, bu hem öz gezeginde biziň ýurdumyzyň bu sport görnüşiniň okgunly ösýändigini äşgär edýär.

«Watançy» hokkeý toparynyň kapitany, çagyryş boýunça harby gullugynyň hatarçysy Ruslan Gapbarow sorag bermek mümkinçiliginden ýüz öwürmedi. Ýaş kapitan täze möwsümde üstünlikli çykyş etmek üçin topary fiziki we psihologik taýdan taýýarlamagyň ýollary dogrusynda gyzyklandy. Şu soraga myhmanlar uly joşgun bilen jogap bermäge girişdiler. Beden taýýarlygyndan daşary, meşhur sport ussatlary türgenleriň ahlak ýagdaýynyň durnuklylygyna üns çekdiler. Munuň özi täze möwsüme we her bir oýna taýýarlykda örän ähmiýetlidir. Agzybir toparyň ruhuna esaslanyp, her bir türgen oýnuň başlamazyndan öň özüni dogry gönükdirmeli. Meselem, Wladislaw Tretýagyň aýtmagyna göra, ol özüni her bir oýna özboluşly taýýarlapdyr – her oýnuň başlamazyndan 2 sagat öň hiç kim bilen söhbetdeş bolmandyr we ünsüni hiç zada sowmandyr. Myhmanlar ýaş hokkeýçileri buzuň üstünde iň soňky güýjüňi sarp edip türgenleşmäge, türgenleşik wagtynda ähli pikirleri bir ýana sowmaga çagyrdylar. Sebäbi buzuň üstünde dökülen derler – ussatlyga ýetmegiň ýeke-täk ýoludyr. Ýaş türgenler halkara derejeli ussatlaryň bu sözlerini ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Duşuşygyň ahyrynda Wladislaw Aleksandrowiç Tretýak we Irina Konstantinowna Rodnina Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyryp, Türkmenistanda ikitaraplaýyn okuw türgenleşiklerini geçirmek üçin şu ýylyň noýabr aýynda gelmeklerini meýilleşdirýändigini aýtdylar. Halkara sport ussatlarynyň bu sapary ýaş hokkeýçileriň ýüreginde müdimilik galar, şeýle hem geljekki uly sport derejelerine we ýeňişlerine ýetmekleriniň badalgasy bolar.

«Milli goşun».