milli goshun logo
Sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti
Sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti
19.05.2024 125 Habarlar

Düýn – 18-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Nesilleriň taryhy dowamaty, halkymyzyň baý ruhy mirasynyň ähmiýeti baýramçylyk maksatnamasynyň çykyşlarynyň başyny başlan «Oguz hanyň pendi bir beýik taglym, // Parlap duran ýaşyl tuguňa tagzym!» atly edebi-sazly kompozisiýada aýdyň beýan edildi. Şeýle belent heňde başlanan konsert meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň, horeografik-folklor toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki özboluşly çykyşlar bilen dowam etdi.

Tomaşaçylar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşyna bagyşlanan «Arkadagly Gahryman Serdar bilen!» atly aýdymy hem-de beýik nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen «Türkmeniň» atly aýdymy aýratyn ruhubelentlik bilen garşyladylar. «Monjugatdy», «Mirasyň dürdäneleri», «Türkmen toýy» atly çykyşlar milli sungatymyzyň däplerini beýan etdi. Şol çykyşlar bilen utgaşyklylykda Döwlet tans toparynyň, «Galkynyş», «Näzli», «Meňli», «Miras», «Serpaý» toparlarynyň we beýlekileriň çykyşlary ýerine ýetirildi.

Konsert «Alkyş Size, Gahryman Arkadagly Serdarymyz!» atly aýdym bilen tamamlandy.