milli goshun logo
Şu gün Diýarymyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi
Şu gün Diýarymyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi
04.11.2023 439 Habarlar

Däp bolan bag ekmek dabarasyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Watanymyzyň ähli sebitlerini gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasy ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ählihalk bag ekmek maksatnamasynyň ilki bilen ekologiýa nukdaýnazaryndan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem uly ähmiýetlidigini yzygiderli belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ilatly ýerleriň töwereginde täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Öz çäklerini barha giňeldýän şäherleriň eteklerinde kemala gelýän şeýle zolaklar adamlar üçin örän bähbitlidir. 

Türkmen halky ähli döwürlerde-de tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji ýaly gorap gelipdir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ekologiýa abadançylygyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça  maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.