2019-njy ýylyň
3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýakyn
Gündogar we Günorta Aziýa boýunça strategiki barlaglar merkeziniň (NESA)
bilermenleriniň gatnaşmagynda Günorta we Merkezi Aziýada ABŞ-nyň howpsuzlyk
syýasaty boýunça geçirilen okuw maslahaty öz işini tamamlady.
Okuw
maslahatynyň işine Türkmenistanyň Daşary işler, Goranmak, Milli howpsuzlyk
ministrliklerinden we Döwlet serhet gullugyndan wekiller gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Merkezi we Günorta Aziýadaky howpsuzlyk, Owganystandaky ýagdaýlar, şeýle hem global ekstremizme garşy göreş ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Okuw maslahaty tamamlananyndan soňra oňa gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşuryldy.