milli goshun logo
Harby türgenimiz hormat münberiniň birinji basgançagynda
Harby türgenimiz hormat münberiniň birinji basgançagynda
09.09.2019 2328 Sport

2019-njy ýylyň 1-7-nji sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Çungju şäherinde «Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy – Çungju 2019» atly halkara ýaryşy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubyndan hem türgenler gatnaşdy. Maýor Döwrangeldi Ýalkabowyň ýolbaşçylyk edýän «Merkezi goşun» sport klubynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy kiçi seržant Guwanç Begaliýew 90 kilogram agram derejesinde sportuň sambo görnüşi boýunça öz başarnygyny görkezip, hormat münberiniň birinji basgançagyna çykmagy başardy.

Ýaryşa jemi 39 döwletden, umumylykda 350  türgen gatnaşdy. Biziň harby türgenimiz ýeňişli ýolunda mangoliýaly, nigeriýaly, özbegistanly türgenlerden üstün çykyp, finalda gyrgyz türgenini ýeňlişe sezewar etmegi başardy.

Kiçi seržant G.Begaliýew sportuň bu görnüşinden başga-da dzýudo, kuraş bilen hem meşgullanýar. Özi hem şu ugurlardan birnäçe halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, ençeme gezek baýrakly orunlara mynasyp boldy.

Harby türgenimize mundan beýläk hem sport äleminde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

«Milli goşun».