8-nji fewralda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow gözegçilik
edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle
hem ykdysady hyzmatdaşlygy we daşary söwdany ösdürmek boýunça bellenen
wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.
2019-njy ýylyň
ilkinji aýynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça
söwda dolanyşygynyň umumy möçberi 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 33,6 göterim artdy, şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygynyň
möçberi 10,2 göterim hem-de lomaý haryt dolanyşygy 44,9 göterim köpeldi.
Öndürilen önümiň möçberi 7,2 göterim artdy.
Döwlet
haryt-çig mal biržasy boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda birža söwdalarynyň 22-si
geçirilip, şolarda şertnamalaryň 2106-sy hasaba alyndy.
Hasabat
döwründe Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi
83,2 göterim ýokarlandy.
Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda öndürilen senagat
önümleriniň mukdary 6,6 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň
mukdary 19,2 göterim ýokarlandy.
Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, gurluşygyna badalga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Ahal welaýatynyň çäginden geçýän böleginiň gurluşyk işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygy habar berildi.