milli goshun logo
Smart telewizorlaryň önümçiligi ýola goýlar
Smart telewizorlaryň önümçiligi ýola goýlar
14.12.2019 1085 Habarlar

13-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer B.Öwezow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentligi tarapyndan ýurdumyzda innowasion esasda elektron senagaty ösdürmek, içerki bazarlara gönükdirilen hem-de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan elektron we elektrotehniki harytlary öndürmek, şeýle hem degişli bilelikdäki kiçi kärhanalary döretmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar.

«Türkmensenagat» agentliginiň bilelikdäki kärhanasy «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ekranynyň ölçegleri 32 dýum, 42 dýum we 55 dýum bolan smart telewizorlaryň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Şolarda Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Ýaş alymlar merkeziniň hünärmenleri tarapyndan düzülen programmany ulanmak meýilleşdirilýän IP-týunerler ornaşdyrylar. Smart telewizorlaryny ýokary hilli öndürmek maksady bilen, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri daşary ýurtlarda okadyldy.