milli goshun logo
Seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek boýunça alnyp barylýan işler
Seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek boýunça alnyp barylýan işler
11.05.2019 509 Habarlar

10-njy maýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýokarda bellenilen zolaklarda durnukly ýaşaýyş-durmuş, ykdysady hem-de ekologiýa şertlerini üpjün etmek, seýsmiki howpsuzlygyň derejesini kesgitlemek we hasaba almak hem-de ýertitremäniň täsirini peseltmek maksady bilen, Gurluşyk we binagärlik ministrligi Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde degişli işleri alyp barýar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek maksatnamasyny degişli derejede durmuşa geçirmek boýunça tabşyryklary berip, ilatyň maglumat üpjünçiligini gowulandyrmak, ýertitremeleriniň öňüni almak we onuň täsirini peseltmek barada degişli düzümleriň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek wezipeleriniň wajypdygyna ünsi çekdi.