milli goshun logo
Sergeý Lebedew türkmen Liderine GDA-nyň Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi
Sergeý Lebedew türkmen Liderine GDA-nyň Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi
10.10.2019 443 Habarlar

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Öz adymdan we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Geňeşiniň ХХIХ mejlisine gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan Size şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabat şäherinde çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilendigi we däbe öwrülen myhmansöýerlik görkezilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Mejlisiň barşynda saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça garalan meseleler GDA gatnaşyjy döwletleriň garaýyşlarynyň ýakyndygyny, Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmanyň bardygyny nobatdaky gezek görkezdi.

Şeýle hem GDA gatnaşyjy döwletleriň wekilleriniň «Saglyk — 2019» halkara sergisine we Siziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli eseriňiziň 11-nji jiltiniň tanyşdyryş dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirmäge rugsat ediň!

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk we Türkmenistanyň halkynyň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halklarynyň bähbidi ugrunda alyp barýan jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Sergeý LEBEDEW,

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy —

Ýerine ýetiriji sekretary.