milli goshun logo
Senagat we kommunikasiýa toplumy döwrebaplaşdyrylar
Senagat we kommunikasiýa toplumy döwrebaplaşdyrylar
15.06.2019 633 Habarlar

14-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew 2019-2025-nji ýyllarda Senagat we kommunikasiýa toplumyna degişli kärhanalaryň durkuny täzelemek, hususylaşdyrmak hem-de täze önümçilikleri gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Dokma senagaty ministrliginde, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde we «Türkmensenagat» agentliginde hünärmenlerden düzülen ýörite seljeriş toparynyň döredilendigini habar berdi.

Seljeriş topary kärhanalary doly kuwwatynda işletmek hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly durkuny täzeläp, döwrebap ýagdaýa getirmek, şeýle hem ýerli çig mal serişdelerini rejeli peýdalanmak bilen, ekologiýa taýdan arassa, eksporta niýetlenen önümleri öndürýän kärhanalary gurmak boýunça meýilnamany işläp taýýarlady.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen meýilnamalary makullady hem-de olary durmuşa geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.