10-njy aprelde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly
Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG) Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk
toparynyň 78-nji mejlisi geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de
hünärmenleri gatnaşdylar.
Garalan meseleleriň hatarynda 2018-nji ýylyň
awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas
etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň
jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannama laýyklykda, Aral deňzi
sebitinde ekologiýa, suw hojalyk we durmuş-ykdysady ýagdaýlary ösdürmäge
gönükdirilen möhüm meseleler boýunça öňe sürlen teklipleriň we başlangyçlaryň
ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmak ýaly wezipeler bar.
Mejlisiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar geçen ýylyň
ösüş suwlary berilýän döwründe suwuň sarp edilişiniň, şeýle hem 2020-nji ýyl
üçin kesgitlenen suw gorlaryna geçirilen seljermeleriň netijelerine garadylar
we sebitiň esasy derýalarynyň suw akabalarynyň iş tertibine çaklama berdiler.
AHHG-nyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk
toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama kabul edildi.