milli goshun logo
Saýlawlara taýýarlyk işleri alnyp barylýar
Saýlawlara taýýarlyk işleri alnyp barylýar
11.02.2019 607 Habarlar

Ýurdumyzda ozal çykyp giden Mejlisiň deputatlygyna, Halk Maslahatynyň we Geňeşlikleriň agzalygyna 31-nji martda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu gezekki saýlaw ýurdumyzda milli demokratik ýörelgelere esaslanýan halk häkimiýetliliginiň köp derejeli ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde nobatdaky ädime öwrüler. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinji derejeli talaplarynyň biridir.

Milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek işleri 30-njy ýanwarda başlandy. Bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde häzirki döwürde Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýanyň komitetleriniň, raýatlar toparlarynyň ýygnaklary geçirilýär. Şolaryň dowamynda ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjy häkimiýet edarasyna, ýerli wekilçilikli häkimiýet guramalaryna, öz-özüňi dolandyryş edaralaryna halkyň mynasyp wekilleri görkezilýär.

Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleriň möçberini çäklendirmek göz öňünde tutulmaýar. Ähli saýlaw okruglarynda bir orna birnäçe dalaşgärler görkezilýär. Munuň öz saýlawlaryň giň bäsdeşlik ýörelgelerine laýyk gelýändigini alamatlandyrýar. Saýlawyň açyk we aýdyň derejede geçirilmegi oňa milli synçylaryň gatnaşmagyny şertlendirýär.

Dünýä tejribesinde giňden ulanylýan demokratik ýörelgeler milli parlamente, ýerli häkimiýet edaralaryna hem-de öz-özüňi dolandyryş düzümlerine halal, zähmetsöýer, ýokary guramaçylyk ukyby, durmuş hem-de raýatlyk işjeňligi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de kuwwatlanmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň berkidilmegine gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny amala aşyrmak ugrunda ähli güýjüni, tejribesini, bilimini gaýgyrman işlemäge höwesi adamlaryň saýlanmagyny üpjün eder.