milli goshun logo
«Şark taronalari-2019» gözden geçirilişinde «Arçabil» toparynyň çykyşyna tomaşaçylar ýokary baha berdiler
«Şark taronalari-2019» gözden geçirilişinde «Arçabil» toparynyň çykyşyna tomaşaçylar ýokary baha berdiler
29.08.2019 323 Habarlar

Samarkantda geçirilýän «Şark taronalari 2019» («Gündogar owazlary») XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň birinji gününde dürli ýurtlardan folklor toparlarynyň birnäçesi, şol sanda Türkmenistana wekilçilik edýän «Arçabil» topary çykyş etdiler.

Artistlerimiz folk stilinde özboluşly kompozisiýalaryň üçüsini ýerine ýetirdiler. Dutar, gyjak, akkordeon we deprek sazyna Guwanç Ýazmämmedowyň aýdan aýdymy gyzgyn garşylandy, olar türkmen artistleriniň ýerine ýetiren her aýdymyny şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler.

Urulyp çalynýan türkmen saz gurallarynda ajaýyp sazlary nepislik bilen ýerine ýetiren Hakberdi Allamyradowyň özbaşdak çykyşy halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň baýramçylyk ruhuny has belende göterdi.

Anna güni, 30-njy awgustda «Şark taronalari 2019» gözden geçirilişiniň ýeňijileri hem-de onda baýrakly orunlary eýelänler belli bolar we emin agzalarynyň pikiri boýunça zehinli aýdymçy hem-de sazanda diýlip ykrar edilen artistlere sylaglar gowşurylar.

Şol günüň özünde hem her iki ýyldan tutuş dünýä ýüzünden halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirýänleri ýygnaýan Samarkant halkara gözden geçirilişiniň ýapylyş dabarasy bolar.