milli goshun logo
S.A.Nyýazowy hatyralamak çäresi
S.A.Nyýazowy hatyralamak çäresi
22.12.2019 701 Habarlar

21-nji dekabrda paýtagtymyzyň «Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy» seýilgähindäki Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresi boldy.

2019-njy ýylyň 6-njy oktýabrynda Ýatlama güni mynasybetli döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ilkinji Prezidentiniň hatyrasyny tutdy. S.A.Nyýazowyň heýkeline gül çemeni goýuldy we aýat-doga okaldy.

Watanymyzyň özygtyýarlylygyny goramak, dünýä giňişliginde Türkmenistany ykrar etdirmek boýunça Saparmyrat Nyýazowyň uly işleri bitirendigini bellemek bilen milli Liderimiz şol işleriň unudylmaly däldigini aýtdy.

Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň ýadygärligine goýlan gül çemenleri we desseleri türkmen milletiniň görnükli ogullarynyň birine çuňňur hormatyň beýanyna öwrüldi.