milli goshun logo
Sanly ykdysadyýet boýunça Okuw-tejribe merkezi dörediler
Sanly ykdysadyýet boýunça Okuw-tejribe merkezi dörediler
30.03.2019 1156 Habarlar

29-njy martda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow sanly ykdysadyýet boýunça Okuw-tejribe merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde sanly ykdysadyýet boýunça Okuw-tejribe merkezini döretmek boýunça teklip taýýarlanyldy. Täze bilim edarasy ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň serişdeleriniň hasabyna alnan döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylar.

Täze Okuw-tejribe merkezinde «Elektron resminama dolanyşygy», «Bir penjire ulgamy arkaly ilata hyzmat ediş», «Maglumatlary seljeriş», «Pudaklaýyn elektron dolandyryş», «Sanly oba hojalygy» ýaly ugurlar boýunça hünärmenleri okatmak göz öňünde tutulýar. Sanly ulgamyň birinji tapgyryny Ahal welaýatynyň çäginde peýdalanmak, soňra tutuş ýurdumyz boýunça ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz aýdylan teklibi makullap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.