milli goshun logo
Sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
28.05.2024 230 Habarlar

Düýn – 27-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatlarda galla oragyna başlamaga, möwsümi guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görüldi. Sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça işler geçirilýär. Pileçi kärendeçiler pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler.

Bulardan başga-da, welaýatlarda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk guramak, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.