milli goshun logo
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
02.07.2024 208 Habarlar

Düýn – 1-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitde galla oragy dowam edýär. Orak möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumy taýýarlanylýar. Galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Ýygnalan hasylyň kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara wagtynda, ýitgisiz daşalmagy üçin tehnikalaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam edýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak bilen bir hatarda, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görmek işleri utgaşykly geçirilýär.