milli goshun logo
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
11.06.2024 150 Habarlar

Düýn – 10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer hem-de welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda galla oragyna girişilendigini, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa indi girişiljekdigini aýdyp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.