milli goshun logo
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
23.07.2024 231 Habarlar

Düýn – 22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, şu günler ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, orakdan boşan meýdanlary sürmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumlaryny taýýarlamak, gallaçylar bilen döwlete tabşyrylan hasyly, hyzmat edýän edara-kärhanalar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär.